Türkmenistan barmasy kyn ýerlerde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan barmasy kyn ýerlerde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanar
Gün beketlerini gurmak boýunça guramaçylyk işleriniň dowam etdirilmegi bellenildi.

Türkmenistanyň çet gyralarynda we barmasy kyn ýerlerde ýerleşýän ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiliginde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak teklip edildi. Bu baradaky teklibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda aýtdy.

Ç.Purçekow ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Şeýle hem, wise-premýer Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketlerini gurmak boýunça guramaçylyk işleriniň dowam etdirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze “ýaşyl” energetika taslamalaryň zerurlygyny belläp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetikanyň ykdysady taýdan bähbitli desgalarynyň gurulmagy babatda bellenen meýilnamalaryň, şol sanda ekologik abadançylygy we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam etjekdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022