Maryda geljek alty ýylda 25 desga gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryda geljek alty ýylda 25 desga gurlar
Degişli döwürde welaýat boýunça 584,11 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary hem gurlup ulanymaga berler.

Mary welaýatynda 2022-2028-nji ýyllarda 25 bina we desga gurlup ulanylmaga berler. Bu baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni Parahat Meretliýewiň Türkmenistanyň resmi metbugatynda penşenbe güni çap edilen makalasynda mälim edildi.

Degişli desgalaryň gurluşygy şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barlar.

Şeýlelikde, Mary welaýatynda 2022-2028-nji ýyllar aralygynda 3 sany hassahanany, 3 sany saglyk öýüni we merkezini, 6 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasyny we 7 sany orta mekdebi gurmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, 1677,85 kilometr suw geçiriji, 4 sany suw arassalaýjy desga, 83,7 kilometr lagym geçiriji, 2 sany lagym arassalaýjy desga, 1189,37 kilometr awtomobil ýoly, 524,65 kilometr gaz we 750,73 kilometr elektrik geçirijileri gurlar, 410,85 kilometr telefon ulgamy çekiler hem-de 4288 sany telefon belgisi işe giriziler. Degişli döwürde welaýat boýunça 584,11 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary hem gurlup ulanymaga berler.

2022