Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň myhmanlaryna hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmalydygyny we olaryň hiliniň gowulandyrylmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça şenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi Döwlet Jumaýew Gurbanguly Berdimuhamedowa dynç alşyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmenistanlylara hem-de Awazanyň myhmanlaryna hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmalydygyny we olaryň hiliniň gowulandyrylmalydygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli maslahatlary berdi.

Şeýle-de zolagyň dynç alyş düzümleriniň, myhmanhanalaryň arasynda degişli bäsleşigi guramagyň we onuň netijeleri boýunça ýeňijileri höweslendirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin gämili-gaýykly gezelençleriň guralmagynyň has-da peýdaly boljakdygyny aýtdy. Hazar deňzinde, şeýle-de uzynlygy 7 kilometrden gowrak bolan Awaza derýasynda gämili-gaýykly gezelençleri guramak üçin doly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Eger zerurlyk bolsa, olary ýene-de satyn almalydyr diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu meseläni içgin öwrenmegi häkime maslahat berdi.

Hazar deňziniň gündogaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr daşlykda ýerleşýär. Bu syýahatçylyk zolagynyň ilkinji desgalary 2009-njy ýylyň iýunda açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022