Türkmenistan bilen Özbegistanyň gümrükçileri 2023-nji ýyldan maglumat alyşmagy ýola goýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistanyň gümrükçileri 2023-nji ýyldan maglumat alyşmagy ýola goýarlar
Taraplar serhetde ýüze çykýan meseleleri dessine çözmek maksady bilen tiz-tizden iş duşuşyklaryny geçirip durmak barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Özbegistanyň Döwlet gümrük komiteti anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda iki gullugyň arasynda 2023-nji ýylyň ýanwaryndan gümrük maglumatlaryny alyşmagy ýola goýmagy ylalaşdylar.

Özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen maslahatda iki gullugyň arasynda gümrük maglumatlaryny deslapdan alyşmak baradaky teswirnamany durmuşa geçirmek boýunça işleriň ýagdaýyna garadylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat gözegçilik-geçiriş ýeriniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işi we ony kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar serhetde ýüze çykýan meseleleri dessine çözmek maksady bilen tiz-tizden iş duşuşyklaryny geçirip durmak barada ylalaşdylar.

Maslahatyň dowamynda sanly TIR ulgamyny ornaşdyrmak we üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly meselelere hem seredildi.

Özbegistan awgust aýynyň başynda ýük awtoulaglarynyň (TIR) daşalmagy üçin Türkmenistan bilen bilelikdäki ulag kompaniýasyny döretmegi teklip etdi.

2022