Ak bugdaý etrabynda täze senagat zolagynyň döredilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ak bugdaý etrabynda täze senagat zolagynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Senagat zolagynda täze kärhanalaryň işe girizilmegi bilen 10 müňden gowrak iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek meýilleşdirilýär.

Bu baradaky teklibi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat eberdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu senagat zolagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Atdaýewiň aýtmagyna görä, senagat zolagynda täze kärhanalaryň işe girizilmegi 10 müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreleriň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022