Türkmenistanyň Prezidenti haly önümleriniň elektron söwdasyny guramagy tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti haly önümleriniň elektron söwdasyny guramagy tabşyrdy
Döwlet Baştutany haly önümleriniň buýurmalaryny, önümleriň taýýarlanylyşyny hem-de ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi hem tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewe haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany haly önümleriniň buýurmalaryny, önümleriň taýýarlanylyşyny hem-de ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi hem tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow söwda-senagat edarasynyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça usulyýet kömegini güýçlendirmelidigini hem-de hususy önüm öndürijilere täze bazarlary, önümleri ýerlemegiň usullaryny gözlemekde ýardam edilmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow alyş-çalyş söwdasy arkaly pagta ýüplükleriniň we matalarynyň satuwyny artdyrmagyň, şol bir wagtyň özünde taýýar egin-eşik önümçiligini giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabatyň dowamynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmalydygyny, hasaba alynýan şertnamalary seljermek hem-de olaryň taslamalaryny tassyklamak üçin elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmalydygyny nygtady.

Mejlisde 2022-nji ýylyň sekiz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022