Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 88 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 88 milliard manatdan geçdi
2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 58 milliard 206 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 88 milliard 116 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 16,7% artdy. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 75 milliard 481 million manada deň boldy.

2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 58 milliard 206 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 9,1% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 53 milliard 360 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 11 milliard 870 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 57,7% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 7 milliard 524 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 18 milliard 40 million manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,6% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 14 milliard 597 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 84 milliard 963 million manada deň boldy.

2022