Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 84 milliard 963 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 13,3% artdy. 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 74 milliard 968 million manada deň boldy.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 55 milliard 292 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,02% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 53 milliard 151 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 11 milliard 836 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 60,2% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 7 milliard 389 million manada deň boldy.
Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 17 milliard 835 million manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,6% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 14 milliard 428 million manada barabar boldy.
Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 84 milliard 916 million manada deň boldy.