Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Indoneziýanyň günbatar Ýawa adasynda duşenbe güni 5,6 bala deň bolan ýer titreme hadysasy bolup geçdi. (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Ýawa adasynda bolup geçen, adam pidalaryna hem-de köp sanly şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Indoneziýanyň günbatar Ýawa adasynda duşenbe güni 5,6 bala deň bolan ýer titreme hadysasy bolup geçdi. Ýer titremäniň netijesinde ýüze çykan ýer süýşmesı zerarly ençeme obalar ýumruldy.

Indoneziýanyň betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça milli gullugynyň (BNPB) habaryna görä, ýertitremede azyndan 268 adam wepat boldy. Mundan başga-da, 151 adam dereksiz ýitdi we 1000-den gowrak adam ýaralandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022