Dagystan Türkmenistana balyk, un we aýna gaplary iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dagystan Türkmenistana balyk, un we aýna gaplary iberer
Hazar deňzinde balyk awlaýan Dagystanly balykçylar (Surat: fish.gov.tr)

Dagystan Türkmenistana balyk (kilka), un we aýna gaplary ibermek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Degişli ylalaşyk Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasyna bolan işewürlik saparynyň dowamynda baglaşyldy. Bu barada Dagystanyň Bilermenler goldawyny bermek merkezi sosial ulgamlarda habar berdi.

Habar berlişi ýaly, işewürlik saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Mahaçkala, Kizläre we beýläki şäherlerindäki kärhanalara baryp gördüler. Saparyň dowamynda telekeçiler we taýýar önümleri paýlaýan kompaniýalaryň wekilleri Dagystan işewürliginiň mümkinçiliklerini öwrenip, azyk önümçiligi hem-de gurluşyk maksatly harytlara aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Dagystanyň eksporty goldamak merkeziniň ýolbaşçysy Ruslan Abaskuliýew taraplaryň özara haryt dolanyşygynda uly ösüşi gazanandyklaryny, Dagystanyň we Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde täze tapgyryň gelendigini belledi.

Şu ýylyň iýun aýynda Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň we Dagystanyň arasynda yzygiderli gämili ýük gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

2022