Serdar Berdimuhamedow Daşkentde Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Daşkentde Şawkat Mirziýoýew bilen  duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Daşkent, Özbegistan (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Döwlet Baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan YHG-da başlyklyk edýär. Bu guramanyň geçen, 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi. Türkmenistanyň gurama başlyklyk eden döwründe söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energiýa pudaklarynda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda YHG-niň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli konsepsiýa işlenip düzüldi.

2022