Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $940 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $940 milliona golaýlady
“Aşgabat-Türkmenabat” awtomobil ýolunyň “Aşgabat-Tejen” böleginden ýük awtoulaglarynyň geçýän pursady

Şu ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 939,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 795,5 million ABŞ dollarlyk önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 143,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň on aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 51 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,3 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 25,2 göterim ýokarlandy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen şu ýylyň ýanwar–sentýabr aýlaryndaky söwda dolanyşygy 830,3 million ABŞ dollaryna deň bolupdy.

2022