DÝHG-niň agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
DÝHG-niň agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi
DÝHG-niň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisinde resminama gol çekilýär, 2024-nji ýylyň 18-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň çäginde penşenbe güni degişli resminamalara gol çekildi.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň habar bermegine görä, mejlisiň dördünji gününiň ahyrynda geçirilen çärede DÝHG-niň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu Teswirnama taraplaryň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. Ol halkara ähmiýetli resminamalaryň ençemesini özünde jemleýär.

Şeýle hem mejlisiň çäginde Türkmenistanyň we DÝHG agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Mundan başga-da, bu ýerde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli Türkmenistana gurama tarapyndan taýýarlanan ýörite ýadygärlik nyşanynyň gowşurylýandygyny yglan etdi. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň taýýarlan ýadygärlik nyşanyny “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowa gowşurdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022