Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik energiýa importyny uzaltmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik energiýa importyny uzaltmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Energetika ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 3-6-njy maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri 2024-nji ýylyň 3-6-njy maýy aralygynda Aşgabat şäherine sapar amala aşyran Gyrgyzystanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistandan Gyrgyzystana elektrik energiýa ugratmak boýunça ylalaşygy özara bähbitli şertlerde 2025-nji ýyla çenli uzaltmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini tassykladylar we yzygiderli aragatnaşyk saklamaga hem-de energiýa meselelerinde özara ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Gyrgyzystanyň wekiliýetiniň başlygy, “Gyrgyzystanyň milli elektrik ulgamy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiri Altynbaý Rysbekow türkmen tarapyny şu ýylyň 11-nji iýunynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçiriljek Gyrgyzystanyň maýa goýum mümkinçiligi boýunça Halkara energetika forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystana elektrik energiýanyň eksportyny ýola goýdy. Gyrgyzystan Türkmenistandan 2024-nji ýylda 1,7 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär.

2022