Türkmenistan Antep pisse baglaryny ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Antep pisse baglaryny ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär
Gaziantepäniň Pisseçilik ylmy-barlag institutynyň direktory Ahmet Şahan, Türkiýe (Surat: “Referans gazetesi” neşiri)

Türkmenistan ýabany agaçlar bilen sapmak usulyny ulanmak arkaly Antep pisse baglaryny ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gaziantepäniň Pisseçilik ylmy-barlag institutynyň direktory Ahmet Şahan mälim etdi.

“Referans gazetesi” neşiriniň şenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistan bilen Pisseçilik ylmy-barlag institutynyň arasynda pisseçilik pudagynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk dürli ministrliklerden ybarat bolan türkmen wekiliýetiniň Türkiýäniň Gaziantepe sebitine bolan saparynyň dowamynda gazanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, saparynyň dowamynda wekiliýet dünýäniň pisseçilik hojalygy baradaky maglumatlar bilen tanyşdy, pisse baglaryna baryp görüp, bu önümiň görnüşlerini öwrendi.

Pisseçilik ylmy-barlag institutynyň direktory Türkmenistanyň pisse önümçiligi üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Gaziantepedäki Pisseçilik ylmy-barlag instituty pisse önümçiligini ösdürmek babatda barlaglary alyp barýan esasy edaralaryň biri bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022