Türkmenistan-Gazagystan: Täze gaz ýataklarynda bilelikdäki kärhanalary açmak mümkinçiligine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Gazagystan: Täze gaz ýataklarynda bilelikdäki kärhanalary açmak mümkinçiligine garaldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleuwiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 27-nji maýy, Astana, Gazagystan

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan we Gazagystan täze gaz ýataklarynda bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçiligine garadylar diýip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuw Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşykdan soň mälim etdi. Bu barada “Kazinform” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurduň gaz öndürmek, gaýtadan işlemek we daşamak üçin ösen tehnologiýalary alyş-çalyş etmek boýunça Türkmenistana birnäçe teklipleri iberendigini aýtdy.

Şeýle hem Murat Nurtleuw Gazagystan bilen Türkmenistanyň Aktau hem-de Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ýük daşamagyň möçberini artdyrmak barada ylalaşandyklaryny belledi. Soňky üç ýylda bu ugurda ýük daşamagyň möçberi 50 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şol gün Astana şäherinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. 

2022