Hazar deňzi-Gara deňzi ulag geçelgesini döretmek Ylalaşygyna sentýabrda gol çekiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazar deňzi-Gara deňzi ulag geçelgesini döretmek Ylalaşygyna sentýabrda gol çekiler
Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyk

Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyna 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde gol çekmek meýilleşdirilýär. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi şenbe güni habar berdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri 2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça başlangyjyny goldaýandygyny mälim edip, şertnamanyň taslamasynyň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Ylalaşyk sebit ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, Hazar deňzi-Gara deňzi ugry boýunça ýük dolanyşygyny artdyrar we ýük daşamalary babatynda çykdajylaryny we ýükleri eltmegiň wagtyny azaldar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022