“Röwşen” aýakgaplaryna islegler artýar

BT
“Röwşen” aýakgaplaryna islegler artýar
“Röwşen” aýakgaplary kärhanasynda italýan ussatlarynyň ýörite el çyzgysyndan erkekler üçin döwrebap aýakgaplaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Daşary ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen Mary welaýatynda ýerleşýän “Röwşen” aýakgap kärhanasynda erkek aýakgaplarynyň onlarça gönüşi, 100% arassa gönden tikilýär. Esasy çig maly ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklary we derileri hususy iberijiler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýan “Maksat Deri” hojalyk jemgyýetinde öndürilýär.

Isleglere we ýörgünlige görä önümleriň görnüşleri täzelenýär hem-de aýakgaplaryň nusgalary we dürli reňkleri bilen bir hatarda köpçülikleýin önümçilikden başga-da, şahsy tabşyryklar boýunça aýakgaplar taýýarlanylýar.

Aýakgap önümçiliginde baý tejribe toplan “Röwşen” hususy kärhanasy Türkmenistanda ilkinji kärhanalaryň biri bolup, 1991-nji ýyldan bäri bu ugurda işläp gelýär.

Önümleriň daşarky bazarlarda hem bäsleşige ukyply bolmagy “Röwşeniň” eksport mümkinçiliklerini artdyrýar. Önümler häzirki wagtda Belarus Respublikasyna, Ukraina, Täjigistana, Gyrgyz Respublikasyna, Owganystana we Gazagystana eksport edilýär.

Önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmegine italiýaly, albaniýaly dizaýnerleriň hem uly goşandy bar. Daşary ýurty hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak önümleriň has-da göze gelüwli bolmagyny üpjün edýär.

“Röwşen” aýakgaplary kärhanasynda italýan ussatlarynyň ýörite el çyzgysyndan erkekler üçin döwrebap aýakgaplaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Olardan sport, klassik, brogi, mokasin aýakgaplary görkezmek bolar.

Makalanyň asyl we doly nusgasy “Rysgal” gazetiniň 3-nji iýunda çykan sanynda çap edildi.

2022