“Akar” joraplarynyň 800 müň jübüti eksport edildi

“Akar” joraplarynyň 800 müň jübüti eksport edildi
Häzirki wagtda “Akar” haryt nyşanly joraplaryň her aýda 250 müň jübüti öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Serdar Annakowyň ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän jorap kärhanasynda öndürilýän “Akar” haryt nyşanly joraplaryň häzirki wagta çenli 800 müň jübüti eksport edildi. Bu barada kärhananyň ýolbaşçysy maglumat berdi.

Ak pagtadan we nah ýüplükden öndürilýän joraplaryň köp müşderili bolýandygyny aýdýan S.Annakow: “Harytlarymyza daşarky bazarda hem isleg artýar. Şu günki güne çenli jorap önümleriniň 800 müň jübüte golaýyny eksport etdik. Önümçiligimizi giňeldip, geljekde her aýda 350 müň jübüt jorap öndürmegi meýilleşdirýäris” diýip belledi.

Önümhanada kuwwatlylygy aýda 500 müň jübüt jorap önümlerini öndürmäge ukyply Ýewropanyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Häzirki wagtda “Akar” haryt nyşanly joraplaryň her aýda 250 müň jübüti öndürilýär. Erkeklere niýetlenilip öndürilýän bu joraplar hil derejesiniň ýokarlygy bilen tapawutlanýar.

“Akar” haryt nyşanly joraplar ilkinji gezek geçen ýylyň iýun aýynda öndürilip, ilata hödürlenen bolsa, şondan kän wagt geçmänkä hem türkmen pagtasyndan öndürilen jorap önümleriniň belli bir bölegi Russiýa goýberildi.

2022