Türkmen telekeçileri argentin tehnologiýasyna gyzyklanma bildirýärler

Türkmen telekeçileri argentin tehnologiýasyna gyzyklanma bildirýärler
1956-njy ýylda esaslandyrylan INTA oba hojalyk ulgamynda ulanylýan tehnologiýalary işläp taýýarlaýar.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) edara binasynda Argentinanyň Oba hojalyk tehnologiýalary institutynyň (INTA) ýolbaşçysy Huan Balbin bilen duşuşyk geçirildi. TSTB-niň metbugat beýanatyna görä, argentin tarapy TSTB-niň wezipeleri we iş ugurlary bilen tanyşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini, şeýle hem Argentinanyň oba hojalygy ulgamynda gazanan tejribelerini göz öňünde tutup, iki taraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar däne we gök ekinleriň seçgi işleri, azyk önümleriň howpsuzlygy we biotehnologiýalar, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige girizmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmalaryny bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda forumlaryň we duşuşyklaryň yzly-yzyna gurnalmagynyň maksada laýyk we netijeli boljakdygy bellenildi.

1956-njy ýylda esaslandyrylan INTA oba hojalyk ulgamynda ulanylýan tehnologiýalary işläp taýýarlaýar. Ekinleriň hasyllylygy, olaryň ýaýradylmagy we söwda işleri ugurlarynda gözlegler geçirýän institut azyk senagatynyň öndürijilerini täze tehnologiýalar bilen üpjün edýär.

2022