“Ýük ulag merkezi” kompaniýasynyň hili ISO 9001 tarapyndan tassyklandy

“Ýük ulag merkezi” kompaniýasynyň hili ISO 9001 tarapyndan tassyklandy
“Ýük ulag merkezi” 2018-nji “Awazada” geçirilen Heavy Caspian: Turkmenistan I halkara maslahatynyň baş hemaýatkäri boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy “Ýük ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti halkara ISO 9001 hiline gabat gelýändigi baradaky sertifikaty aldy. Bu barada TSTB habar berýär.

Çözgüt “CERT International” (Slowakiýa) kompaniýasynyň hünärmeni tarapyndan geçirilen barlagyň netijesinde kabul edildi. “Ýük ulag merkezi” HJ-niň bu sertifikaty almagy öz biznes prosesini gurnandygyna, müşderiler bilen işlemek we kompaniýanyň düzüminiň halkara standartlaryna gabat gelýändigine şaýatlyk edýär.

ISO 9001 halkara sertifikaty milli transport-logistika kompaniýasynyň Ýewropa bazaryna çykmagyna täze mümkinçilikler döredýär we Ýewropa kompaniýalarynyň ägtibarlyk derejesini ýokarlandyrýar.

“Ýük ulag merkezi” HJ 2014-nji ýyldan bäri hereket edýär we GDA, Baltiýa we Pars aýlagy ýurtlaryna bellenilen çäkden çykýan howply ýükleri daşamaga ýöriteleşdirilendir. Kompaniýanyň ýerine ýetiren agramly iş portfoliýasy bar.

Geljegi uly taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy – Baku – Batumi – Herson koridorynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Uly kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlyk etmek we koridoryň açylyşy boýunça degişli Ähtnama “Ýük ulag merkezi” tarapyndan birinji Hazar ykdysady forumynda gol çekildi. Agzalýan taslamada bu kompaniýa Türkmenistandan koridoryň operatory bolup çykyş eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022