Ukraina Türkmenistandan dizel ýangyjynyň nobatdaky tapgyry gowuşdy. “Glard-3” tankeri Hersonyň deňiz portuna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGZIT) öndürilen nebit önümleriniň 4,3 müň tonnasyny getirdi.
Ukrain bazaryna dizel ýangyjyny TNGIZT-niň treýder düzümi bolan “Turkmen Petroleum” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän “Skywalk Traiding” kompaniýasy eltdi. Awgustyň içinde kompaniýa tarapyndan Ukraina 25 müň tonnadan gowrak türkmen dizel ýangyçly 6 tankeriň ugradylandygy bu pudagyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistandan nebit önümleri Gara deňze çykmak bilen Wolga-Don gämi gatnaýan kanal boýunça Ukraina ýetirilýär. Bu ýol ykdysady nukdaýnazardan iň amatlysydyr.
Şu ýylyň ilkinji 5 aýynda “Skywalk Traiding” kompaniýasy Türkmenistandan ukrain bazaryna 60 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny eltdi.
Çig mal söwdasyna gönükdirilen “Skywalk Traiding” kompaniýasy 2005-nji ýyldan bäri bilelikde işleýän hünärmenler topary tarapyndan 2015-nji ýylda esaslandyryldy. GDA we Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynda iş alyp barýan kompaniýanyň Estoniýada, Ukrainada we Beýik Britaniýada edaralary bar.