“Datly şerbet” önümleriniň görnüşlerini 100-e ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Datly şerbet” önümleriniň görnüşlerini 100-e ýetirdi
Kärhanada her gün önümleriň ortaça 25 tonnasy öndürilýär.

“Datly şerbet” hususy kärhanasynyň konditer önümleriniň görnüşleri 100-e golaýlady. Şu ýylyň başynda açylan hususy kärhana “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetine degişlidir.

Konditer önümlerini öndürmäge niýetlenen “Datly şerbet” üçin Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Täze güýç” geňeşliginden 3,5 gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde gurlan kärhananyň önümçilik kuwwaty her gije-gündizde 85 tonna deň.

Kärhanada her gün önümleriň ortaça 25 tonnasy öndürilýär. Geçen 6 aýyň dowamynda 4500 tonna golaý konditer önümleri öndürilip, alyjylara ýetirilipdir.

Kärhananyň ilki açylanynda 25 görnüşli önüm taýýarlandyklaryny aýdan hünärmen Döwran Taňrygulyýew “Gysga wagtda önümleriň görnüşlerini 100-e golaýlatdyk. Şeýlelikde, täze iş orunlary açyldy diýip belleýär.

“Gyrgyzystan döwletine önümlerimiziň ilkinji tapgyryny ugratdyk. Hytaý bilen gepleşikleri geçirip, olara-da ýakyn wagtda harytlarymyzy ugratmagy meýilleşdirýäris. 11-12-nji awgustda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde uly sergi hem ýaýbaňlandyryldy” diýip bellän Taňrygulyýew, sergiden soň kärhana bilen gepleşik geçiren müşderileriň köp bolandygyny aýtdy.

“Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda “Täze aý” haryt nyşanly süýt we süýt-gatyk önümleri, buzgaýmagyň onlarça görnüşi, et we et önümleri, şöhladyň dürli görnüşleri, türkmeniň milli tagamlary bolan börek, manty, gutap ýaly, ýarym taýýar azyk önümleri öndürilip, täzeligi bilen müşderilere ýetirilýär.

“Datly şerbet” hususy kärhanasynda keks, petir, şekerli, şokolad örtükli petir kökeleriň we wafli ýaly datly konditer önümleri taýýarlanylyp, ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradylýar. Kärhanada häzirki wagtda 400-e golaý hünärmen zähmet çekýär.

2022