TSTB-de Türkmenistan–Gruziýa söwda gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-de Türkmenistan–Gruziýa söwda gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy
2017-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 119 million ABŞ dollaryna, import mukdary bolsa, 22 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça ministriniň orunbasary Akakiý Sagiraşwili bilen duşuşyk geçirildi.

TSTB-niň wekili gruziýaly myhmanlary Türkmenistanda hususy ulgamy ösdürmekde, maýa goýum taslamalaryny ýola goýmakda telekeçileriň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşykda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maslahatlaşyldy. Taraplar söwda meseleleri boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň işi barada belläp geçdiler.

Gepleşiklerde iki ýurduň işewür taraplarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary barada maslahat edildi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 119 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Import mukdary bolsa, 22 million ABŞ dollaryna golaý boldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022