“Atlaz” 20 ýyldan gowrak wagt bäri syýahatçylara hyzmat edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Atlaz” 20 ýyldan gowrak wagt bäri syýahatçylara hyzmat edýär
“Atlaz” 500-den gowrak daşary ýurtly jahankeşdelere Türkmenistanyň dürli künjeklerine gezelenç etmegine ýardam berdi.

“Atlaz” hojalyk jemgyýeti 20 ýyldan gowrak wagt bäri syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýar.

Şu ýylyň başyndan bäri 20 müňden gowrak ýerli raýatlary daşary ýurtlara ugratmaga kömek eden “Atlaz” 500-den gowrak daşary ýurtly jahankeşdelere Türkmenistanyň dürli künjeklerine gezelenç etmegine ýardam berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Atlaz” HJ-niň häzirki wagtda Lebap we Mary welaýatlarynda hem şahamçalary hereket edýär.

“Atlaz” daşary ýurtly syýahatçylyk kompaniýalaryň 25 sanysy bilen hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşdy. Düzüminde 30-dan gowrak hünärmen bolan bu kompaniýa dürli halkara sergilere we okuw-maslahatlaryna hem gatnaşyp, öz hünär derejesini has-da kämilleşdirip durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022