Türkmenistanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini bellige almagyň tertibi tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini bellige almagyň tertibi tassyklandy
Täze resminama telekeçilik işini agzalan görnüşde bellige salmak üçin ýerine ýetirilmeli işlere giňişleýin beýan getirer.

Türkmenistanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary – hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi çarşenbe güni tassyklandy.

“Telekeçilik işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary – hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen resminama gol çekildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Şu ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Goçmyrat Myradow bu kadalaşdyryjy namanyň Türkmenistanyň “Telekeçilik işi hakyndaky” Kanunyna laýyk gelýändigini habar beripdi.

Häzirki wagtda hereket edýän “Telekeçilik işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň telekeçilik işini döwlet belligine almak baradaky maddasynda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýändigi aýdylýar. Täze resminama telekeçilik işini agzalan görnüşde bellige salmak üçin ýerine ýetirilmeli işlere giňişleýin beýan getirer.

Ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi “Kärhanalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertipde döwlet belligine alynýar.

2022