Türkmen-türk işewürler geňeşiniň ýolbaşçylygyna Halil Awjy üçünji gezek saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-türk işewürler geňeşiniň ýolbaşçylygyna Halil Awjy üçünji gezek saýlandy
Halil Awjy öňümizdäki iki ýyl türkmen-türk işewürler geňeşiniň ýolbaşçy wezipesini ýerine ýetirer.

Türkiýäniň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan döredilen Daşary söwda gatnaşyklary geňeşiniň (DEIK) türkmen-türk işewürler geňeşiniň ýolbaşçylygyna üçünji gezek Halil Awjy saýlandy.

Türkmenistanda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçiren “Halil Awjy kompaniýalar toparynyň” dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Halil Awjy öňümizdäki iki ýyl türkmen-türk işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirer.

Türkmenistany Merkezi Aziýada logistikanyň merkezine öwürmek boýunça işleriň uly depgin bilen dowam edýändigini bellän Awjy, ýurduň sebitde parlaýan ýyldyzdygyny nygtady.

“Iki döwlet – bir millet” binýadyna esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigini sözlerine goşan Awjy, doganlyk ýurt bilen hyzmatdaşlygy şol ýörelge bilen alyp barjakdygyny aýtdy.

Merkezi Türkiýäniň Adana şäherinde ýerleşýän “Halil Awjy kompaniýalar topary” kyrk ýyldan gowrak wagt bäri gurluşyk pudagynda tanalyp gelýär. Türkmenistan bilen bir hatarda bu kompaniýa Özbegistanda, Täjigistanda, Mongoliýada, Ekwatorial Gwineýada ençeme binalary ulanmaga berdi.

2022