Russiýa ilkinji türkmen kosmonawtyny ýetişdirmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa ilkinji türkmen kosmonawtyny ýetişdirmäge taýýar
Russiýanyň kosmonawtika akademiýasynyň wise-prezidenti, kosmonawt-uçarman, Russiýanyň gahrymany Ýuriý Baturin

Türkmenistan kosmos giňişligine ilkinji kosmonawty uçurmaga isleg bildirse, Russiýanyň ony taýýarlap ýetişdirmekde kömek etjekdigini Siolkowskiý adyndaky kosmonawtika akademiýasynyň wise-prezidenti, kosmonawt-uçarman, Russiýanyň gahrymany Ýuriý Baturin aýtdy. Bu barada “RIA Nowosti” habar berýär.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagyndaky Aşgabada saparynyň dowamynda Baturin Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň kosmos müdirliginiň başlygy Aşyr Garaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen-rus kosmos giňişligindäki gatnaşyklarynda ilki bilen emeli hemrany uçurmak pudagynda mümkinçiliklere seredilmelidigini aýdan Baturin kosmos pudagynda dolandyryjylary we hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

“Russiýanyň Türkmenistana kosmos pudagynda konsultatiw kömegini we türkmen kosmonawtyny taýýarlamakda ýardam bermäge taýýar” diýip, rus kosmonawtika agentliginiň wise-prezidenti belledi.

Türkmenistan 2015-nji ýylyň aprel aýynda “ThalesAleniaSpace” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurnalan ilkinji “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk emeli hemrasyny uçurdy. Bu emeli hemra “SpaceX” amerikan kompaniýasynyň “Falcon 9” raketa göterijisi bilen Kanaweral kosmodromyndan geostasionar orbitasyna çykaryldy. 

2022