“Gündogar Akymy” Aşgabat şäherinde “Günaý” marketini açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gündogar Akymy” Aşgabat şäherinde “Günaý” marketini açmagy meýilleşdirýär
“Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti günebakar ýagyny bir hem-de bäş litrlik plastik gaplarda we uny bir hem-de iki kilogramlyk kagyz gaplarda öndürýär.

“Günaý” haryt nyşanly günebakar ýagynyň önümçiligini ýola goýan “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde “Günaý” marketini açmagy meýilleşdirýär.

Kärhananyň direktorynyň maliýe işleri boýunça orunbasary Nazik Awasýanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda “Gündogar Akymy” HJ-niň geljekde öndürýän harytlarynyň eksportyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

“Biziň kärhanamyz häzirki wagtda “Günaý” haryt nyşanly günebakar ýagyny öndürmek bilen bir hatarda, “Gündogaryň bereketi” haryt nyşanly un önümini hem öndürýär. Şeýle hem “Gündogar Akymy” Türkmenistanda iým önümçiligini ýola goýan kärhanalaryň ilkinjileriniň hataryna girýär” diýip, Awasýan söhbetdeşligiň dowamynda nygtap geçdi.

Hojalyk jemgyýeti günebakar ýagyny bir hem-de bäş litrlik plastik gaplarda we uny bir hem-de iki kilogramlyk kagyz gaplarda öndürýär.

Kärhananyň önümçiliginde Hytaýyň “Huatai” we Türkiýäniň “Sagbil” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary ulanylýar.

Hojalyk jemgyýeti geljekde Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda döwlet tarapyndan 6 müň gektar ýeriň bölünip berilmegine garaşýar. Bu ýerde telekeçiler ýerleri özleşdirmek bilen kärhananyň çig mal üpjünçiligini doly özbaşdak ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

“Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda esaslandyrylyp, esasy üç önümiň: iýmiň, unuň we ýagyň önümçiligini alyp barýar. Kärhana ýylda 30 müň tonna iým, 20 müň tonna un we 7,200 tonna ýag öndürýär.

2022