“Nurly Meýdan” halkara zenanlar gününe ykjam taýýarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurly Meýdan” halkara zenanlar gününe ykjam taýýarlanýar
“Nurly Meýdan” ýetip gelýän baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň gül bazarlaryny 200 müň sany dürli görnüşli bägüller bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

“Nurly Meýdan” daýhan hojalygy ýetip gelýän halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň bazarlaryny 200 müňe golaý dürli görnüşli ter bägüller bilen üpjün etmekçidir.

Daýhan hojalygyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky gül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanasynda müňlerçe ýokary sortly bägülleriň gunçalary açylýar. Bu ýerde ýazyň ilkinji günlerinde 100 müňden gowrak bägüli ýygmak meýilleşdirilýär.

Şu ýyl zenanlar baýramçylygyny bägüliň gülgüne öwüsýän “Fiesta”, süýt reňkine ýa-da sary reňkli öwüsýän “Avalanche”, çalt solýan “Penny Lane”, gülçüleriň arasynda gowy görülýän “Dolce Vita”, ak-gülgüne “Jumilia” we “Red Naomi” görnüşleri bezär. “Nurly Meýdan” ýetip gelýän baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň gül bazarlaryny 200 müňe golaý dürli görnüşli bägüller bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Geçen ýyl daýhan hojalygyň ýyladyşhanasynda dürli görnüşli bägülleriň 600 müň sanysy ösdürilip ýetişdirildi. Häzirki wagtda meýdany 11 müň inedördül metre barabar bolan ýyladyşhananyň ýene biriniň gurluşygy dowam edýär. Gurulýan ýyladyşhana gülleri idetmekde awtomatlaşdyrylan döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler. Täze ýyladyşhanadan maý aýynda bägüliň ilkinji desselerini bogmak meýilleşdirilýär.