Türkmenistanyň DIM-de ýurda koronawirusyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça brifing geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-de ýurda koronawirusyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça brifing geçirildi
Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýa-da onuň alamatlarynyň hiç bir hadysasynyň hasaba alynmandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen brifing geçirildi.

Penşenbe güni geçen brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow dagylar çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýurtda howply ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça zerur bolan çäreleriň ählisiniň durmuşa geçirilýändigi nygtadylar.

Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýa-da onuň alamatlarynyň hiç bir hadysasynyň hasaba alynmandygy barada habar berildi.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň epidemiologiki gözegçiliginiň giňeldilmegi bilen birlikde ilatyň öz wagtynda habardar edilmeginiň hem-de okadylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändigi aýratyn bellenip geçildi. Ýurtda zerur bolan dermanlar we lukmançylyk maksatly serişdeler bilen üpjünçilik babatynda gaýragoýulmasyz çäreler durmuşa geçirilendigi hem aýdyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerüsti, demir ýol, howa we deňiz ulag görnüşleriniň netijeli hem-de bökdençsiz hereket etmegi üçin zerur bolan çäreleriň ählisini amala aşyrýandygy aýratyn bellenildi.

Soň duşuşyk “sowal-jogap” görnüşinde dowam etdirildi. Brifingiň barşynda oňa gatnaşyjylar türkmen tarapyna şu çäräni geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler we şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy meselesine jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtadylar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary döredildi.