Lebaply telekeçi her gün 100 kilogram ýertudana hasylyny ýygýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçi her gün 100 kilogram ýertudana hasylyny ýygýar
Ýygym günlerinde ýyladyşhanada her gün 100 kilograma çenli ýertudana hasyly alynýar.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän telekeçi Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynda dört görnüşli ýertudanalar ýetişdirilýär.

Ýyladyşhana açylan gününden bäri bu ýerde zähmet çekip gelýän hünärmen Nargiza Babamuradowa “Türkmen gündogary” gazetiniň geçiren söhbetdeşliginde geçen ýyl ýarym gektar ýerden 1.5 tonna hasyl alandyklaryny belleýär.

“Häzir ýygym geçirilýän her günde 100 kilograma çenli hasyl ýygýarys” diýip, Babamuradowa sözüniň üstüni ýetirdi. “Ýyglan hasyl haýal edilmän müşderilere ugradylýar”.

Bu ýyladyşhanada pomidordyr ýertudanany ýetişdirmek boýunça baý tejribe toplanyldy. Howa çalşygy, suwarmak, dökünlemek ýaly işleri awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýan ýyladyşnahada ekinler arylaryň kömegi bilen tozanlandyrylýar.

Dürli görnüşli gaplara ýerleşdirilen ýertudanalar welaýatyň hem-de Aşgabadyň söwda nokatlaryna yzygiderli iberilip durulýar.