“Miwe” kompaniýasy iri ekerançylyk taslamasyny durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miwe” kompaniýasy iri ekerançylyk taslamasyny durmuşa geçirýär
“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1,200 gektary eýelejek ekerançylyk taslamasyny işläp taýýarlady.

Dört sany kompaniýanyň gatnaşmagynda döredilen “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ekerançylyk boýunça iri taslamany işläp taýýarlady.

Jemgyýetiň paýdarlary bolup, “Hemsaýa”, “Gök bulut”, “Miweli atyz” we “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri çykyş edýär. “Miwe” AGPJ paýdarlarynyň her birine bölünip berlen 300 gektar ýerden ybarat bolan jemi 1,200 gektar meýdany eýelejek taslamasyny sişenbe güni başlan türkmen telekeçileriniň sergisine çykardy.

“Miwe” kompaniýasyna bölünip berlen ýer Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşip, bu ýerde intensiw Hurma, Alma, Şetdaly, Garaly, Armyt ýaly miwe agaçlary oturdylar. Şonuň bilen bir hatarda, meýdanda hoz, badam ýaly gury iýmiş agaçlary-da dikmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de ekin meýdanynda banan ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen 80 gektarlyk ýyladyşhanany gurmak hem kompaniýanyň taslamasyna girizildi. Ýyladyşhanadan bir ýylyň dowamynda iki gezek hasyl almaga garaşylýar.

Taslamanyň infrastrukturasynda elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş we beýleki jaýlaryň, suwaryş çeşmeleriniň, tebigy gazyň üpjünçiligi hem göz öňünde tutuldy. Munuň üçin iň amatly ýollar saýlanyp alyndy we häzirki wagtda olaryň üstünde işlenilýär. Kompaniýa taslamasynda sil suwundan hem ýerlikli peýdalanmagy göz öňünde tutýar.

“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň meýilnamasy boýunça 2019-2020-nji ýylyň ekiş möwsüminde “Hemsaýa” we “Gök bulut” hojalyk jemgyýetleri özlerine degişli bolan ýerlerde baglaryny dörederler. Galan ekinleriň ählisi 2020-2021-nji ýylyň ekiş möwsüminde oturdylar.