Türkmen telekeçileriniň maslahatynda müdiriýetiň agzalary saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileriniň maslahatynda müdiriýetiň agzalary saýlandy
TSTB-de Birleşmäniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli 600-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) sişenbe güni Birleşmäniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli 600-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda müdiriýetiň agzalarynyň saýlawy hem geçirildi. Saýlawda TSTB-niň ýolbaşçysy Aleksandr Dadaýew Birleşmäniň başlygy wezipesine täzeden saýlandy. Dadaýew 2024-nji ýyla çenli türkmen hususy pudagynyň Birleşmesine ýolbaşçylyk eder.

Şeýle hem maslahatyň barşynda “Ýylyň iň gowy telekeçisi” atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Onda aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler yglan edildi:

  • “Ýylyň ekologiýa taýdan arassa önüm öndürijisi” – “Şawat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
  • “Ýylyň telekeçi zenany” – telekeçi Dadaýewa Maýa;
  • “Ýylyň eksportýory” – “Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti;
  • “Ýylyň täze önüm öndürijisi” – “Hasar” hojalyk jemgyýeti;
  • “Ýylyň oba hojalykçysy” – “Guş toplumy” hususy kärhanasy;
  • “Ýylyň senagatçysy” – “Himiýa Senagat” hojalyk jemgyýeti;
  • “Ýylyň gurluşykçysy” – “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
  • "Ýylyň söwda we hyzmatlar pudagynyň öňdebaryjysy" – "Anyk" hojalyk jemgyýeti.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

TSTB-niň müdiriýetiniň agzalary dört ýyldan bir gezek saýlanýar.