Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) müdiriýetiniň çarşenbe güni geçiren mejlisinde Aleksandr Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli Birleşmäniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy.
TSTB-niň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Birleşmäniň başlygynyň orunbasary Döwran Hudaýberdiýewiň üstüne ýüklendi.
Şeýle-de, mejlisiň dowamynda Türkmenistanda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda birleşme 24 müňden gowrak ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öz işini alyp barýan türkmen telekeçilerini özünde jemleýär.