Türkmenistanyň transporty sanly ulgama geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň transporty sanly ulgama geçirilýär
Birinji tapgyrda taksileriň hem-de ýolagçy awtobuslarynyň sanly ulgam arkaly gözegçiligi üpjün ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Baýramgeldi Öwezowyň “Türkmenawtoulaglary” agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatyny diňledi.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan ýurduň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurda gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýadynynyň döredilmeginiň meýilleşdirilendigini wise-premýer belledi.

“Şeýle-de olara GPS enjamyny ornaşdyryp, sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de bu işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak meýilleşdirildi” diýip, wise-premýer Öwezow aýtdy.

Birinji tapgyrda ýurduň paýtagtynda we welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna sanly ulgam arkaly olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik üpjün ediler.

Ikinji tapgyrda ýurduň çäginde hereket edýän ýük ulaglaryna sanly ulgam ornaşdyryp, olaryň hereketine gözegçilik ýola goýlar.

Üçünji tapgyrda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýurduň awtoulaglaryna sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de olara daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar. Şeýle hem ulaglar boýunça maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýadyny döretmek, şeýlelikde, maglumat binýady arkaly ýurda gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň hasabatyny ýöretmek işlerini gurnamak boýunça elektron awtoulag karty dörediler.

Bu ugurda öňde durýan wezipeler “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentehnogurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli amala aşyrylar.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ýurt boýunça ýolagçy gatnadýan hem-de ýük daşaýan awtoulag serişdeleriniň gözegçilik ulgamyna birikdirilmegi, ulag serişdelerini dolandyrmak ulgamyna häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sebitiň we yklymyň iri ulag geçelgesi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ösüşinde täze tapgyry emele getirer.