Türkmenistanda gurluşyk serişdelerini öndürýän “Ak-hünji” hususy kärhanasyna Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) 1.8 million ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini bölüp berdi. Bu barada ÝTÖB-niň resmi saýty duşenbe güni habar berdi.
Kompaniýa özüne bölünip berlen pul serişdesini öndürilýän önümleriň hilini hem-de berkligini ýokarlandyrmaga gönükdirmekçidir. Bu taslamanyň kärhana önümlerini goňşy ýurtlara eksport etmäge başlamagyna ýardam berjekdigine garaşylýar.
Häzirki wagtda “Ak-hünji” hususy kärhanasy bezeg profilleriniň hem-de potolok panelleriniň 60 görnüşini öndürýär. Şeýle-de, kärhananyň önümçiligine daşky arhitektor bezeginiň 200 görnüşi girýär. Önümçiligiň esasy bölegini gurluşykda fundamente bolan agramy peseldýän sendwiç panelleri düzýär.
“Kärhana öz önümçiliginde Koreýa Respublikasyndan, Hytaýdan we Wengriýadan getirilýän döwrebap hem-de howpsuz çig maly peýdalanmagy öňe sürýär” diýip, kärhananyň ýolbaşçysy belledi.
“Ak-hünji” hususy kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyryp, ol häzirki wagtda ýurtda bezeg profillerini we sendwiç panellerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhanada 85-e golaý hünärmen zähmet çekýär.