Türkmenistanda daşary ýurt ulaglaryndan alynýan ýygymlaryň we tölegleriň möçberleri seljerilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda daşary ýurt ulaglaryndan alynýan ýygymlaryň we tölegleriň möçberleri seljerilýär
Türkmenistanyň Prezidenti “Lapis Lazuli” we Ýewropa–Kawkaz–Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini gurmak we işjeňleşdirmek taslamalarynyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň ýurda gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda resminamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi hem-de ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýramgeldi Öwezowa iberdi.

Ýurt Baştutany mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezowyň hasabatyny diňläp, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarda gatnawlary hem-de halkalary baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek baradaky wezipeleriň öňde durýandygyny nygtady.

Türkmen Lideri Türkiýä çykalgasy boljak Merkezi Aziýa üçin Modal Şosse ýoluny döretmek, “Lapis Lazuli” hem-de Ýewropa–Kawkaz–Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini gurmak we işjeňleşdirmek taslamalarynyň möhümdigini hem belledi.

Ýygymlaryň we tölegleriň möçberleri boýunça Karara Türkmenistanda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen gol çekildi.

2022