“Biznes Türkmenistan” internet neşiri bir ýaşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri bir ýaşady
BT internet neşiri Türkmenistanda hasaba alnan täjirçilik habarlary we maglumat hyzmatlarydyr.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň işe girizilmegine 1-nji iýunda 1 ýyl doldy.

Saýtyň işläp başlamagyndan bäri az wagt geçen hem bolsa, häzir BT dünýädäki saýtlaryň iň ygtybarly reýtingini düzýän “Alexa”-da Türkmenistanda iň köp peýdalanylýan saýtlaryň ilkinji onlugyna girýär. Bu sanaw taýýarlananda sahypalara soňky üç aýda giren we gündelik ulanyjylaryň sanlaryna salgylanylýar.

BT internet neşiri Türkmenistanda hasaba alnan täjirçilik habarlary we maglumat hyzmatlarydyr. BT ýurtdaky we dünýäniň dürli künjegindäki okyjylara biznes maglumatlaryny, habarlary we analizleri rejeli ýagdaýda hem-de türkmen, rus we iňlis dillerinde ýetirip, ýola düşen kompaniýalary, täze döredilen kompaniýalary, maýa goýujylary, telekeçileri, importçylary, eksportçylary we sarp edijileri dürli ugurdaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.

BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkasyny hem ulanyjylara gyzgyny bilen ýetirip durýar. Neşir Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri, şeýle-de türkmen telekeçilerini gyzyklandyryp biljek ýerli we halkara sergileri yzygiderli ýagdaýda çap edýär.

Geçen bir ýylyň dowamynda BT neşiri düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Google News” we Russiýada ýerleşýän “Yandex News” habar ulgamlary tarapyndan hem hasaba alyndy.

BT “Facebook”, “Twitter”, “LinkedIn”, “Vkontakte”, “Instagram” ýaly sosial torlar arkaly hem öz maglumatlaryny ýerli we halkara okyjylara gündelik ýetirip durýar. Şol bir wagtda hem BT applikasiýasy “Play Market”-de we “App Store”-de elýeterli edildi.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän uly göwrümli  taslamalary ýerli we halkara jemgyýetçiligine yzygiderli ýetirmekde alyp barýan işleri üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Hormat hatyna hem mynasyp boldy.

2022