Türkmen telekeçileri mekdep esbaplarynyň önümçiligini ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri mekdep esbaplarynyň önümçiligini ösdürýär
Kärhanada okuwçy gündelikleri hem-de A4 ölçegdäki ak kagyzlar hem öndürilýär.

Telekeçi Ýazmyrat Ataýewiň eýeçiligindäki kärhanada öndürilýän harytlara häzirki wagtda mekdep bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Kärhanada 12 sahypalyk okuwçy depderleriniň üç görnüşi, 24, 36, 48, 96 sahypalyk umumy depderleriň dört görnüşi, şeýle-de dürli derslere niýetlenen depderler we okuwçy gündelikleri hem-de A4 ölçegdäki ak kagyzlar öndürilýär diýip, “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Kiçi gala” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda öndürilýän “Rowaç” we “Diýar” haryt nyşanly ruçkalar hem ýokary islege eýedir.

Aşgabatda ýerleşýän “Aýbölek” mebel fabrigi dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap mekdep partalary bilen ýurdumyzyň bilim edaralaryny üpjün edýär.

2022