Türkmen telekeçileri önümçiligiň täze usullary bilen tanyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri önümçiligiň täze usullary bilen tanyşdylar
Onlaýn-okuw maslahaty ÝB-niň “Türkmenistanda oba hojalygynyň we obanyň mundan beýläk-de durnukly ösüşine goldaw bermek (SARD III)” taslamasynyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň et we et önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen hususy pudagyň wekilleri goýberilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) sişenbe güni habar berşi ýaly, paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda oba hojalygynyň we obanyň mundan beýläk-de durnukly ösüşine goldaw bermek (SARD III)” taslamasynyň çäginde iki günlik onlaýn-okuw maslahaty geçirildi.

Onlaýn-okuw maslahatyny halkara bilermenleri, Maýlz Makferson we Deýw Leng “Et önümlerini taýýarlamagyň we gaýtadan işlemegiň ugurlaryny öwrenmek” atly mesele boýunça geçirdiler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu pudakda Awstraliýanyň, ABŞ-nyň hem-de Irlandiýanyň iri kompaniýalarynyň we fermalarynyň oňyn tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem iri şahly we ownuk mallardan et almak we et önümlerini gaýtadan işlenilýän wagtynda biologiki, fiziki, himiki howplaryň öňüni almaga gönükdirilen HACCP we HALAL ýaly halkara hil ülňülerine hem seredildi.

Çäre Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we TSTB bilen bilelikde guralyp, oňa ýurduň maldarçylyk pudagynyň, şeýle hem hususy hojalyklaryň we kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022