Türkmenistan we BGG Kioto konwensiýasyna goşulmak meselesini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BGG Kioto konwensiýasyna goşulmak meselesini maslahatlaşdylar
Kioto konwensiýasy gümrük pudagyndaky iň möhüm halkara hukuk resminamalarynyň biri bolup, ol gümrük syýasatynyň bitewi ýörelgelerini döretmegi maksat edinýär.

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda duşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, iş maslahaty 11-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça täzeden seredilen Kioto konwensiýasyna goşulmagy baradaky teklibine laýyklykda geçirildi.

Onlaýn-maslahatyna Türkmenistanyň dürli düzümleriniň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň ýigrimisi gatnaşdy.  

Iş maslahatyna gatnaşan Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Konwensiýanyň düzgünlerini we oňa goşulyşmak üçin bildirilýän talaplary, şertleri giňişleýin düşündirdiler.

1973-nji ýylda kabul edilen Kioto konwensiýasy gümrük pudagyndaky iň möhüm halkara hukuk resminamalarynyň biri bolup, ol gümrük syýasatynyň bitewi ýörelgelerini döretmegi maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022