"GS1 Türkmenistan" guramanyň Ýewropa sebitleýin forumyna gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"GS1 Türkmenistan" guramanyň Ýewropa sebitleýin forumyna gatnaşýar
Foruma gatnaşyjylar ähli ýerde harytlaryň hereket edýän GTIN kodunyň üpjünçiliginde GS1 guramasynyň nähili ýagdaýda ýardam berşini maslahatlaşarlar.

Sişenbe güni GS1 guramasynyň Ýewropa bölüminiň sebitleýin forumynyň açylyş dabarasy boldy. Şu ýyl bu forum onlaýn görnüşinde geçirilýär.

“GS1 Türkmenistan” saýtynda habar berlişi ýaly, häzirki we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropa sebitinden GS1 guramasynyň 400-den gowrak agzasy gatnaşýar. Türkmen tarapyna onlaýn forumda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa wekilçilik edýär.

Mejlisiň birinji gününde oňa gatnaşyjylar “GO Marketing Workshop” (Marketingiň üsti bilen sanly ulgama geçmegi üpjün ediň) atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Üç günlük forumyň barşynda birnäçe interaktiw çäreler, şol sanda sessiýalar, seminarlar we okuw sapaklar geçiriler. Şeýle-de “Puly yzarla” atly okuw maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Bu okuw maslahaty GS1 guramasynyň kassa amallarynda ulanylýan standartlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar ähli ýerde harytlaryň hereket edýän GTIN kodunyň üpjünçiliginde GS1 guramasynyň nähili ýagdaýda ýardam berşini maslahatlaşarlar.

Forum 23-nji oktýabra çenli dowam eder.

GS1 bütin dünýäde kompaniýalara önümçilikden satyn alyja ýetirmek boýunça global ölçege getirilen standartlary we çözgütleri netijeli peýdalanmak arkaly öz telekeçilik işini ynamly alyp barmaga kömek edýän halkara guramadyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022