Aşgabatda täze Awtoulag kärhanalar toplumy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze Awtoulag kärhanalar toplumy açyldy
Täze toplumda 1800-e golaý awtobusa we 800 taksä niýetlenen bassyrmalar bardyr.

Paýtagtymyz Aşgabatda anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi-döwrebap ulag ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Açylyş dabarasyna şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy boýunça “Weli Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan Toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de “Awtoulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.

Bu ýerde 150 orunlyk naharhana, ýangyn söndüriji beket, awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýa, 1800-e golaý awtobusa, 800 taksä niýetlenen bassyrmalar, 4 sany hyzmat ediş hem-de tehniki dispetçer nokatlary, awtotürgenleşik meýdançasy bardyr.

Toplumda halkara ölçegleriniň ýokary talaplary, hereket howpsuzlyk kadalary we bu edaralaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar hem göz öňünde tutuldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda awtomobil pudagy ýurdumyzyň barha kämilleşýän ulgamlarynyň biri hökmünde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bellenilişi ýaly, “Ýewropa–Kawkaz–Merkezi Aziýa” (TRASEKA) hem-de “Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe” (“Lapis-Lazuli”) halkara ulag geçelgeleriniň iri üstaşyr merkeziniň wezipelerini ýerine ýetirjek bu toplumyň ulanmaga berilmegi bilen, pudagyň işi has-da ilerlär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendemirýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri bilen bilelikde logistika hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýär.

2022