Türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň gerimi giňeldiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň gerimi giňeldiler
Taraplar iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdiklerini tassykladylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Döwran Hudaýberdiýewiň hem-de Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň arasynda penşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

TSTB-niň saýtynda anna güni habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda R.Pekjan Birleşmäniň işi we düzümi, ykdysady pudagynda türkmen telekeçileriniň durmuşa geçirýän uly möçberli taslamalary hem-de olaryň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Birleşmäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hem-de söwda öýleriniň işi babatda bellenildi.

Öz gezeginde söwda ministri R.Pekjan türkmen-türk söwda-ykdysady, şol sanda işewürler toparlarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi belledi.

Şeýle-de gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, söwda, oba hojalyk, azyk  we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçilikler bardyr.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdiklerini tassykladylar.