Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda täze döwrebap ýyladyşhanalar işe giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda täze döwrebap ýyladyşhanalar işe giriziler
Welaýatlarda işe giriziljek ýyladyşhanalaryň meýdany 35 gektara barabar bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde, 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde ýyladyşhananyň açylyşynyň maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Bu desga “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy.

Mundan başga-da şol gün sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda döwrebap ýyladyşhanalary işe girizmek meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, welaýatlarda işe giriziljek ýyladyşhanalaryň meýdany 35 gektara barabar bolup, olaryň kuwwaty ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulanylmaga beriljek döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde guramak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022