Türkmenistanyň Mejlisi döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakyndaky kanuny kabul eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Mejlisi döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakyndaky kanuny kabul eder
Türkmenistanyň Mejlisiniň şenbe güni geçiriljek maslahatynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda we başga-da birnäçe kanunlary maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda, “Bilim hakynda” rejelenen görnüşdäki  we başga-da birnäçe kanunlary ara alyp maslahatlaşar we kabul eder.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maglumat berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň şenbe güni geçiriljek on dördünji maslahatynda ýokarda agzalan kanunlar maslahatlaşylar.

Şeýle hem, maslahatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” kanunlara serediler.

Milli Geňeşiň döredilmegi bilen baglanyşykly we syýasy, ykdysady, durmuş ugurly meseleleri kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly Mejlisiň birnäçe kararlarynyň taslamalaryna garamak hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň durmuş ugruny nazarlaýan milli kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.

2022