Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborski “Business Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda ykdysadyýet, söwda we işewürlik pudaklarynda türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada belläp geçýär.
Ilçi Poborski Polşanyň Daşary işler ministrliginde 2003-nji ýyldan bäri dürli wezipelerde işledi. 2019-njy ýylyň iýunynda Polşanyň Azerbaýjandaky we Türkmenistandaky (oturýan ýeri Azerbaýjan) ilçisi wezipesine bellenilmezinden öň, Polşanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar bölüminde Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi. Jenap Rafal Poborski ilçi wezipesine 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda girişdi.
BT: Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda haýsy ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilikler bar?
Jenap Rafal Poborski: Polýak-türkmen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy durnukly we dostluklydyr. Polşa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary 2015-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen iki ýurduň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşygynda beýan edilýär. Bu taryhy resminama polýak-türkmen hökümetara komissiýasynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ilerletmekde esas döretdi we ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny taýýarlamaga kömek edýär. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýaramaz täsir edýän päsgelçilikleri aradan aýyrýar. Türkmen-polýak gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän meseleler, 2019-njy ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen türkmen-polýak syýasy geňeşmelerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere, şeýle hem özara ýokary derejeli iş saparlaryny guramagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de bolsa, geçen ýyl COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy we onuň bilen baglanyşykly syýahat çäklendirmeleri birnäçe meýilleşdirilen taslamalaryň we iş saparlaryň durmuşa geçirilmegine belli bir derejede bökdençlikleri döretdi. Dünýädäki dowam edýän bu ýagdaý sebäpli Türkmenistana ilkinji resmi iş saparymy amala aşyryp bilmedim. Men pandemiýanyň öň ýanynda 2020-nji ýylyň ýanwarynda Polşanyň Azerbaýjandaky we Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdim.
Biz Türkmenistan bilen köp ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys we munuň türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm ädim bolup biljekdigine ynanýarys. Polşanyň birnäçe ugurlarda baý tejribesi bolup, olary hyzmatdaşlary bilen paýlaşmaga taýýardyr. Polşanyň ykdysadyýeti ýokary derejede diwersifikasiýalaşdyrylandyr we bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Biz oba hojalyk pudagynda, hususanda azyk önümleriň, çig malyň, tehnikalaryň söwdasynda, elektromehanika we himiýa senagaty, gurluşyk, transport hem-de daşky gurşawy goramak tehnologiýalary ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ynanýarys.
Türkmenistan barada aýdanyňda, Polşanyň kompaniýalary diňe bir ýerli bazary däl, eýsem geljekde Türkmenistanyň sebitdäki bazarlara çykmaga döredýän mümkinçiliklerini hem görýärler. Türkmenistan özboluşly geografiki ýerleşişi boýunça polýak eksport edijilerine täze bazarlara çykmaga ýol açyp biler. Sebitde ösdürilýän ulag geçelgeleri nazara alsak, polýak eksport edijilerine has hem amatly şertler dörär.
Polşa özüniň amatly geografiki ýerleşişi boýunça türkmen önüm öndürijileri we eksport edijileri üçin Ýewropa bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döredip biler. Polşanyň transport we logistika kompaniýalarynyň Ýewropa Bileleşiginiň şeýle görnüşli hyzmatlar bazarlarynda ýokary derejeli orunlary eýeleýändigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris.
Syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça ösüş gazanmaga mümkinçilik doredip biler. Syýahatçylyk pudagyndaky ösüş Polşanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm bölegine öwrüldi we bu tejribeler Türkmenistan tarapyndan üstünlikli ulanylyp biliner.
Polşanyň beýleki ugurlarda hem özboluşly tejribesi bar we bu ugurlarda Polşa Türkmenistan bilen tejribe alyşmaga taýýardyr. Mysal üçin, tokaýlary dolandyrmakda we tohumlyk atlary köpeltmekde Polşa dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýar. 2020-nji ýylda Pragada geçirilen Ýewropa çempionatynyň ýedi ýaryşynyň bäşisinde Polşada ýetişdirilen atlar dört altyn, bäş kümüş we üç bürünç medallaryny gazandylar (synçylaryň pikiri boýunça Polşada ösdürilip ýetişdirilen atlaryň ýaryşy 2020-nji ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynda uly yz galdyrdy).
Mundan başga-da, polýak-türkmen hyzmatdaşlygynyň medeniýet ulgamynda hem ösýändigini Türkmenistanda alnyp barylýan arheologiki işleriň mysalynda bellemelidiris. Polýak-türkmen ekspedisiýasy Sarahs oazisinde Köne Sarahs, Mele Heýran, Guýrukly Depe we Topaz Gala Depe ýaly ýerlerde gözleg işlerini 1995-nji ýyldan bäri alyp barýar. Ekspedisiýa tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde, Sarahs we Tejen etraplarynda bürünç eýýamyndan Yslam döwrüne çenli aralyga degişli bolan 150-ä golaý ýadygärlik tapyldy. Warşawa uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda bu ugurda ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy babatynda ylalaşyldy.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilim ulgamynda hem ösýär. Mysal üçin, diňe 2020-2021 okuw ýylynda, jemi 77 sany Türkmenistanly talyp Polşanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Türkmenistandan gelen ýaşlar Polşada bilim derejelerini ösdürmek üçin ajaýyp şertleri gazandylar, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Polşanyň häzirki zaman jemgyýeti we medeniýeti bilen tanyşdylar.
BT: Siz Türkmenistan bilen Polşanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyna nähili baha berýärsiňiz?
Jenap Rafal Poborski: Polşanyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Polşadan Türkmenistana eksport edilen harytlaryň bahasy 30 million ABŞ dollaryndan geçdi (takmynan 20% ýokarlandy). Türkmenistandan Polşa edilen eksport geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 320% ýokarlanyp, takmynan 3 million 500 müň ABŞ dollaryna ýetdi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň pandemiýa garamazdan, diňe bir söwda ulgamynda däl-de, birnäçe ugurlarda hem ösendigini bellemelidiris. Bu polýak we türkmen telekeçileriniň päsgelçiliklere we kynçylyklara garamazdan özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini we bazarlarymyzyň ikitaraplaýyn özüne çekijidigini subut edýär.
Şu ýylyň başyndaky aýlarda Polşanyň Türkmenistana eksporty peselsede, oňyn gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini umyt edýäris (şu ýylyň birinji çärýeginde Polşanyň Türkmenistana eksportynyň bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ABŞ dollarynda hasaplananda 46%-den gowrak pese düşdi). Türkmenistanyň Polşa eksporty bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende (takmynan 70%) ösmegini dowam etdirdi.
Polşanyň eksportyndaky bu pese gaçmalaryň wagtlaýyn boljakdygyna we uzakda ýerleşse-de, özüne çekiji türkmen bazaryna polýak kompaniýalarynyň barha artýan gyzyklanmasyny görüp, ýylyň dowamynda gowy netijeleriň gazanyljakdygyna umyt edýäris.
Elbetde, bu görkezijiler Polşanyň we Türkmenistanyň göz öňünde tutan netijesi däldir. Dünýäde ýagdaýlar durnuklaşsa ikitraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köp zähmet çekmeli bolarys. Bizde bu maksada ýetmäge ýardam berjek mümkinçilikler bar. Ýagny men, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokarda agzalan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşygy göz öňünde tutýaryn. 2017-nji ýylda polýak maýa goýum we söwda gullugy döredildi. Onuň birnäçe ýurtlarda, şol sanda, Özbegistanyň paýtagty Daşkentde hem daşary söwda bölümleri bar. Ol türkmen bazary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de Polşanyň we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar.
BT: Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyndaky esasy önümler haýsylar?
Jenap Rafal Poborski: Polşanyň Türkmenistana eksport edýän önümleri ýeterlik derejede dürli-dürlidir. Polşanyň eksportynyň takmynan 30%-i daşdan (mermer, trawertin), gipsden, sementden, slýudadan we ş.m. öndürilen önümlerdir. Onuň galan 70%-i bolsa düýpgöter tapawutlanýar. Maşynlar we mehaniki abzallar (mysal üçin, gap-gaç ýuwujy maşynlar, arassalaýjy we guradyjy abzallar we ş.m.) bilen bir hatarda oba hojalyk tehnikalary we dürli görnüşli transport serişdeleri Polşanyň Türkmenistana eksportynyň esasy bölegini öz içine alýar. Şeýle-de ýokary ösüş potensially himiýa we himiýa önümleri, esasan hem, bütin dünýäde ýokary baha berilýän polýak farmasewtika we kosmetika önümleri hem polýak eksportynyň agramly bölegini düzýär. Polşanyň eksportynyň ýene bir ösüş potensially bölegi mebel önümçilik senagatydyr. Polşa türkmen bazaryna plastmassa we plastmas önümlerini (polimer, poliasetal, poliefir, epoksid şepbigi) hem eksport edýär. Oba hojalyk we azyk önümleri-de (et we gök önümler, miweler, gök we süýt önümleriniň konserwalary, içgiler we ş.m.) Polşanyň Türkmenistana eksportynyň esasy bölegidir.
Türkmenistandan Polşa edilýän eksport barada aýdylanda, matalar we dokma önümleri (esasan pagta, dürli pagta ýüplükleri, pagta matalary) 100% agdyklyk edýär. Türkmen pagta we pagta önümlerine polýak alyjylary we sarp edijileri tarapyndan ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň köp asyrlyk dokma däplerini göz öňünde tutsak, bu geň galarlykly däldir. Olaryň polşa bazaryna getirilmegini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem, türkmen ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy we senagatyň beýleki pudaklarynda häzirki zaman önümçilik ugurlarynyň peýda bolmagy bilen, türkmen eksportçylary üçin Polşanyň we Ýewropanyň bazarlarynda täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna ynanýaryn.
BT: Türkmen-polýak transport hyzmatdaşlygyndaky ösüşler, şeýle hem Transhazar halkara ulag geçelgesi barada hem durup geçip bilersiňizmi?
Jenap Rafal Poborski: Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda halkara transport merkezi hökmünde ornunyň barha artýandygyny görýäris. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Polşa Ýewropa bilen Gündogaryň arasynda ulag we logistika ýollaryny ösdürmegi ileri tutulýan ugur hasaplaýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň logistika we transport hyzmatlary bazaryndaky polýak kompaniýalarynyň paýyny göz öňünde tutsak, Polşa Ýewropanyň “kuwwatydyr”. Şu nukdaýnazardan, harytlaryny türkmen bazaryna ýa-da Türkmenistandan Ýewropa bazarlaryna ibermek isleýän kompaniýalar üçin hemmetaraplaýyn transport hyzmatlaryny hödürleýän polýak transport kompaniýalarynyň sanynyň artýandygyny görýäris.
Transhazar halkara ulag geçelgesi barada aýdylanda, Polşa bu ulag ugruny Türkmenistan bilen göni hem-de halkara ulgamlar arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda geljegi uly taslama hasaplaýar. Transhazar halkara ulag geçelgesi Polşa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin esas bolup biler. Ýewropanyň iň iri ýük daşaýjy kompaniýalarynyň biri bolan Polşanyň PKP LHS kompaniýasynyň 2017-nji ýylyň iýun aýynda bu taslama assosirlenen agza hökmünde goşulandygyny ýatlatmalydyrys. PKP LHS Türkmenistan bilen halkara demir ýol ýük gatnawlary baradaky şertnama laýyklykda hyzmatdaşlyk edýär. Pandemiýa sebäpli dörän bütindünýä ykdysady çökgünlige garamazdan, Transhazar halkara ulag ugrunyň çäginde hyzmatdaşlyk edýän subýektleriň sany barha artýar. Polşanyň günortasynda ýerleşýän Slawkow Ýewroterminaly bu ugruň esasy bölegidir. Terminal ýükleri paýlamak, toplamak we yzyna ugratmak boýunça uly potensially logistiki çatrykdyr. Terminal müşderiler üçin giň gerimli demir ýol baglanyşygy we geografiki ýerleşişiniň amatlylygy ýaly birnäçe logistiki artykmaçlyklara eýedir. Konteýnerler demir ýa-da awtomobil ýolunyň üsti bilen Slawkowdan beýleki Ýewropa ýurtlaryna aňsatlyk bilen iberilip bilner. Siandan Slawkowa ugran ilkinji konteýnerli otly ahyrky menziline 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda geldi.