ÝTÖB “Täç Hil” kompaniýasyna $2,8 million karz serişdesini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB “Täç Hil” kompaniýasyna $2,8 million karz serişdesini berýär
Kompaniýa çygly süpürgiçler, ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar we atyrlar ýaly dürli önümleri öndürýär.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda arassaçylyk önümlerini we polietilen paketlerini öndürýän “Täç Hil” hususy kärhanasyna 2 million 800 müň ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini gönükdirmegi makullady. Bu barada ÝTÖB-niň internet sahypasynda geçen anna güni habar berildi.     

ÝTÖB-niň habar berşi ýaly, karz serişdeleri kompaniýanyň arassaçylyk önümleriniň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak we önümleriň görnüşini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin enjamlary satyn almak boýunça taslamasynyň bölekleýin maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.

Karz serişdeleri kompaniýa PET gaplama we polietilen paketlerini öndürýän enjamlary satyn almaga we dolanyşykda bolan maýa zerurlyklaryny goldamaga ýardam eder.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç Hil” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýär. Kompaniýa häzirki wagtda çygly süpürgiçler, ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar we atyrlar ýaly dürli önümleri öndürýär. Şeýle hem, kompaniýa önümlerini Azerbaýjana, Gazagystana, Owganystana we Gyrgyzystana eksport edýär.

2022