Türkmen türgeni Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen türgeni Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi
Polina Gurýewa “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen ady berildi.

Aşgabatda şenbe güni Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ilkinji kümüş medalyny gazanan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu dabara hökümet agzalary, ýurdumyzdaky daşary ýurtly diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.

Sylaglamak dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyna iberen Gutlag hatyny okady.

Soňra wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Polina Gurýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sylaglary gowşurdy.

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa 50 müň ABŞ dollary möçberinde pul baýragy hem-de Aşgabat şäherinde 3 otagly ýaşaýyş jaýynyň we “Lexus LX 570 Sport Plus” awtoulagyň açarlary gowşuryldy.

Mundan başga-da, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewa “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen ady berildi.

Polina Gurýewa Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda iki görnüşli ýaryşda özi üçin rekord netijäni (217 kg) gazanmak bilen, kümüş medalyna eýe boldy.

2022